Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşogzuň çäginde un gytçylygy barha ýitileşýär


Garagum etrabynda ýerleşýän bir un dükany. Illýustrasiýa suraty
Garagum etrabynda ýerleşýän bir un dükany. Illýustrasiýa suraty

Daşoguz welaýatynyň iri etraplarynyň birinde unuň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy we onuň hususy söwda nokatlaryndaky gymmatçylygy dowam edýär.

Etrabyň bir ýaşaýjysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 7-nji we 9-njy dekabr günleri un gytçylygy barada maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk maksady bilen, etrabyň hem adyny agzamakdan saklanýar

“Biziň adymyz berkidilen döwlet dükanyndan şu ýyla geçip, entek hatda bir kilogram un hem satyn alyp görmedik. Un satyn almak üçin bir hepdeläp yzyny üzmän gatnadym. Täze ýyl golaýlap gelýär. Öýde un ýok!” diýip, Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan daşoguzly aýtdy.

Onuň sözlerine görä, geçen hepde tutuş bir hepdäniň dowamynda, 3 – 7-nji dekabr aralygynda, özleriniň berkidilen döwlet dükany ýapyk boldy.

“Biz, umuman, ýeke gezek hem un satyn alyp bilemizok şol ýerden. Her gün gatnaýarys. Şu gün hem (7-nji dekabrda – red.) sagat 12-ä çenli 20 adam bolup garaşdyk. Şu hepde asla şol dükan açylanok” diýip, Daşogzuň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol dükanyň salgysyny, habarlaşmak üçin zerur bolan beýleki maglumatlary Azatlyk Radiosyna hödürledi.

“3-nji dekabr güni baranymyzda dükan ýapykdy, ýöne işiginde çala dökülen unuň yzy bar ekeni. Biziň her gün dükanyň öňünde oturmaga mümkinçiligimiz ýok” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Türkmenistanda raýatlara özleriniň berkidilen döwlet dükanlaryndan resmi bahadan çäkli mukdarda un satyn almaga mümkinçilik döredilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy noýabryň aýagynda Türkmenistanyň regionlarynda mundan ozal her adam başyna 4-5 kilogramdan çäkli mukdarda satylýan un normasynyň, mundan beýläk her hojalyk başyna ortaça 10 kilograma düşürilendigini habar berdi.

Türkmenistanda döwlete degişli dükanlarynda satylýan ýerli unuň 1 kilogramynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 2 manatlygynda saklanyp galýar.

Daşogzuň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysy bilen 9-njy dekabrda ikinji gezek habarlaşanda şeýle diýdi:

“Dükana ertir hem baryp görjek, eger ertir hem un alyp bilmesem “gorkoma” barjak” diýip, daşoguzly söhbetdeşimiz şäher häkimligine şikaýat etmegi göz öňünde tutýandygyny ýaňzytdy.

Ol bazarlarda hususy satylýan unuň nyrhy barada maglumat berdi.

“2 kilogramlyk unuň bahasy 40 manat. Öňler şol 2 kilogramlyk uny 5 manada satyn alýardym” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.

Ol etrabyň bir daýhan birleşiginde ýaşaýan doganynyň döwlet dükanlaryndan un satyn almak tejribesini paýlaşdy.

Onuň sözlerine görä, gürrüňi gidýän daýhan birleşikde ýerleşýän döwlet dükanynda ýüzlerçe adam özüniň un nobatyna garaşýar. Azatlyk gizlinlik maksady bilen, daýhan birleşigiň adyny agzamakdan saklanýar.

“Doganym 700 näçinji bolup nobata ýazylypdyr. Olaryň nobaty ýene-de 4 aýdan ýetýär. Dükana her aý 200 halta un getirilýär” diýip, un gytçylygyndan kösenýän daşoguzly gürrüň berdi.

Türkmenistanda un we çörek gytçylygy hem-de gymmatçylygy barha ýitileşip, noýabr aýynda çörek hatda paýtagt Aşgabatda-da gyt haryda öwrüldi.

30-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň söwda ulgamyna gözegçilik edýän wise premýer Çary Gylyjow ýurduň çar künjeginde söwda dükanlarynyň azyk önümleri bilen bolelin üpjün edilýändigi barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginiň 3-nji dekabrda efire berlen sanynda çörek öndürülýän bir kärhana barada wideo reportaž efire berlip, ilatyň çörek önümleri bilen bolelin üpjün edilýändigi öňe sürüldi.

“Hudaýym, un gymmat bolsa-da dükanlarda durgaý!” diýip, Azatlygyň un gytçylygyndan kösenýän daşoguzly gürrüňdeşi sözüni jemledi.

XS
SM
MD
LG