Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýer-ministri Brexit ylalaşygy boýunça Ýewropa liderleri bilen duşuşýar


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý
Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak baradaky ylalaşygy Ýewropa liderleri bilen maslahat eder.

Maý Gaagada Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte bilen gepleşikleri geçirenden soň, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen görüşmek üçin Berline ugrar.

Duşenbe güni britan premýer-ministri Bileleşikden çykmagyň şertleri boýunça Brýussel bilen gelnen ylalaşyk dogrusynda parlamentde geçmeli möhüm ses berilişigi yza süýşüripdi. Britaniýa ÝB-den martda çykmaly.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk 27 agzalyk ÝB-niň ylalaşygy “täzeden baglaşmajakdygyny” aýdypdy.

XS
SM
MD
LG