Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Parlamenti ukrain kinorežissýory Sentsowy Saharow baýragy bilen sylaglaýar


Aleksander Mimrugyň "Oleg Sentsov" atly kitabynyň iňlisçe terjimesiniň tanyşdyrylyşy. Kiýew, 8-nji dekabr, 2018 ý.
Aleksander Mimrugyň "Oleg Sentsov" atly kitabynyň iňlisçe terjimesiniň tanyşdyrylyşy. Kiýew, 8-nji dekabr, 2018 ý.

Ýewropa Parlamenti ukrain kinorežissýory Oleh Sentsowy 2018-nji ýylyň Saharow baýragy bilen sylaglaýar.

12-nji dekabra bellenen dabara Orsýetiň 2014-nji ýylda Krymyny ele geçirmegine garşy çykandan soň tussag edilen Sentsowy hatyrlamagy maksat edinýär.

Türmede yglan eden 145 günlük açlygyndan soň Sentsowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramaz bolmagynda galýandygyny aýdyp, ýewropa resmileri rus häkimiýetlerini onuň derhal azat edilmegine çagyrýarlar.

Krymda doglan Sentsow Orsýetiň 2014-nji ýylda ukrain ýarymadasyny ele geçirmegine garşy çykanyndan soň, terrorçylykda günäli tapylyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol häzir demirgazyk Orsýetde ýerleşýän türmede saklanylýar.

Adam hukuklary toparlary, günbatar hökümetleri onuň suduny, syýasy äheňli diýip, tankyt etdiler.

XS
SM
MD
LG