Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky partlamada azyndan iki adam öldi


Aktau şäherinde bolan partlamada iki adam öldi.

Gazagystanyň günbataryndaky Aktau şäherinde nämälim partlaýjy enjamyň partlamagy netijesinde azyndan iki adam öldi diýip, gazak resmileri aýdýar.

Içeri işler ministrligi 12-nji dekabrda bir gün ozal metal galyndylarynyň toplanylýan ýerinde bolan partlamada üç adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Içeri işler ministri Kalmukhanbet Kasymowyň metbugat üçin gysgaça maglumat berlende žurnalistlere aýtmagyna görä, häzir bu ýerde harby we polisiýa derňewçileri iş alyp barýar.

Başga jikme-jiklikler aýdylmady.

XS
SM
MD
LG