Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankarada bolan otly hadysasynda azyndan ýedi adam öldi


Agdarylan otly. Tekirdag welaýaty, Türkiýe, 8-nji iýul, 2018 ý.

Türkiýäniň paýtagty Ankaradaky stansiýada ýokary tizlikli otlynyň çakyşmagy netijesinde azyndan ýedi adam öldi, 46 adam bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

Ankaranyň gubernatory Wasip Şahiniň žurnalistlere aýtmagyna görä, ýokary tizlikli otly 13-nji dekabr güni irden ýol bir ýolda kada bolan barlaglary geçirýän lokomotiw bilen çakyşdy.

Wakanyň bolan ýerinden edilen wideoýazgylarda Ankaranyň günbataryndaky Marsandiz otly stansiýasynda adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň işgärleriniň agyr zyýan ýeten wagonlardan adamlary halas edişleri görünýär.

Ýokary tizlikli otly merkezi welaýat Konýa barýan eken. Onuň çakyşan wagtynda nähili tizlikde barýandygy bada-bat belli bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG