Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo: ABŞ Eýranyň ballistik raketalarynyň çäklendirilmegini isleýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş edip, Waşingtonyň 15 agzalyk Geňeş bilen Eýranyň ballistik raketalaryna täzeden çäklendirmeleri girizmek ugrunda iş alyp barjakdygyny mälim etdi.

Pompeo Tährana garşy girizilen ýarag embargosynyň 2020-nji ýylda bes edilmeli däldigini aýtdy.

“Eger-de, Eýran ballistik raketalaryny artdyrmagyny dowam etdirse, halklarymyzyň howpsuzlygy howp astyna düşer” diýip, Pompeo Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi.

Pompeonyň belliklerine jogap edip, Eýranyň ilçisi Eshagh Al Habib ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Eýrany bahana edip, has köp ýaraglary satmagy maksat edinýändigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG