Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AŞG rus uçarlarynyň Wenesuela gelmegine ‘uly alada’ bildirdi


Tu-160 strategik uçary
Tu-160 strategik uçary

Amerikan Ştatlarynyň Guramasy ýadro ýaragyny daşamaga ukyply rus söweş uçarlarynyň Wenesuela gelmegine “uly alada” bildirdi.

Guramanyň Baş Sekretariatynyň ýaýradan beýanatynda muňa “Milli Assambleýanyň ygtyýar bermändigi sebäpli” bu ädimiň Wenesuelanyň konstitusiýasyna çapraz gelýändigi aýdylýar.

“Şol sebäpli, biz munuň Wenesuelanyň özygtyýarlylygy üçin ýaramaz boljakdygyny çaklaýarys” diýip, Amerikan Ştatlarynyň Guramasy belledi. Guramanyň düzümine Amerikanyň 35 garaşsyz döwleti, şol ABŞ-e hem girýär.

10-njy dekabrda Russiýanyň Goranmak ministrligi Wenesuela ýadro ýaragyny daşamaga ukyply iki sany bombalaýjy uçaryny ýollapdy.

Ministrlik uçarlarda ýaraglaryň bolup-bolmandygyny takyklaşdyrmady.

Mundan birnäçe gün öň, ykdysady krizisden ejir çekýän Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro Kremlden hemaýat gözläp, Moskwa sapara gelipdi.

XS
SM
MD
LG