Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky eýranly aktiwist “açlykdan öldi”


Wahid Saýadi Nasiri
Wahid Saýadi Nasiri

Eýranda sosial ulgamlarynda ýerleşdiren maglumatlary sebäpli tussag edilen syýasy aktiwist 50 gün açlykdan soň aradan çykdy. Bu barada Wahid Saýadi Nasiriniň gyz dogany Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Elahehiň maglumatyna görä, resmiler onuň doganynyň Kom şäherindäki keselhanada ýogalandygyny aýdypdyrlar.

Ol öz doganynyň türmedäki şertlere protest bildirip, şeýle-de özüniň başga tussaghana geçirilmegini talap edip açlyga başlandygyny aýtdy.

Nasiri 2015-nji ýylyň sentýabrynda tussag edilipdi. Ol ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneini “kemsitmekde” we “döwlete garşy propogandada” günäli tapylyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG