Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller Öýi Burmanyň rohingýa krizisindäki hereketlerini ‘genosid’ atlandyrdy


ABŞ-nyň Kapitoly
ABŞ-nyň Kapitoly

ABŞ-nyň Wekiller Öýi Burmanyň azlykdaky rohingýa musulmanlaryna garşy hereketlerini “genosid” we “adamçylyga garşy jenaýat” diýip häsiýetlendirýän rezolýusiýany sesleriň aglabasy bilen kabul etdi.

Wekiller Öýi Döwlet Departamentine ýüzlenip, rohingýalara garşy edilen hereketler bilen baglylykda özüniň soňky netijesini kabul etmäge we muňa jogapkärlere garşy sanksiýalary girizmäge çagyrdy.

Ses berilişikde rezolýusiýany iki partiýanyň hem 394 agzasy goldady; bir respublikan garşy çykdy.

Mundan öň, Birleşen Milletler Guramasy ýüzlerçe müň rohingýalynyň öýlerinden çykarylmagyny “genosid” diýip häsiýetlendiripdi.

2017-nji ýylyň awgustyndan bäri ýurduň günbataryndaky Rakhine ştatyndan, burmanyň harbylarynyň hereketleri netijesinde, 700 müňe golaý rohingýa Bangladeşe geçipdi.

Burmada aglaba buddistler ýaşap, ol etniki alamatlary boýunça arassalaýyş geçirmändigini, şeýle-de howpsuzlyk güýçleriniň parahat ilaty nyşana alman, jeňçileriň hüjümlerine gaýtawul berendiklerini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG