Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýaşyl meýdança. Ýaşyl topar. Ýaşyl Türkmenistan”


Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistanda. 2016 ý.
Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistanda. 2016 ý.

Aziýanyň futbol boýunça çempionatyna gatnaşýan beýleki döwletler bilen bir hatarda Türkmenistanyň toparynyň hem şygary kesgitlendi.

5-nji ýanwar-1-nji fewral aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçjek çempionatda türkmen toparynyň şygary “Ýaşyl meýdança. Ýaşyl topar. Ýaşyl Türkmenistan” bolar.

Bu baradaky degişli ses berilişik Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň websaýtynda geçdi. Şonda türkmen toparynyň şygary hökmünde aşakylar hödürlendi:

  • Biz dolandyk. Zümerret has ýagty öwüşgin saçýar
  • Bir joşgun. Bir Kalp
  • Ýaşyl meýdança. Ýaşyl topar. Ýaşyl Türkmenistan

“F” toparynda türkmen futbolçylary bilen oýnajak:

  • Özbegistanyň şygary “Biz bärde. Özbegistan”,
  • Ýaponiýaňky “Hemmäni syla, hiç kimden gorkma”,
  • Omanyňky hem “Dört million kalp, bir arzuw” bolar.
XS
SM
MD
LG