Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek deputatlary dilegçiligi jenaýat hasaplamak baradaky kanuny tassyklady


Köçede çagasy bilen dilegçilik edýän aýal

Özbek kanun çykaryjylary ýurduň dürli künjegindäki jemgyýetçilik ýerlerinde dilegçilik etmegi jenaýat hasaplamak baradaky kanun taslamasyny tassyklady.

Parlamentiň ýokarky palatasynda 13-nji dekabrda gurnalan ses berişlik prezident Şawkat Mirziýoýwiň sentýabrda teklip eden kanun taslamasyny tassyk etdi.

Täze jenaýat kanuny dilegçilik edýänlere 25 dollardan 75 dollara çenli möçberdäki özbek pulunda jerime salynmagyny kanunlaşdyrýar.

Bu jerimäni töläp bilmedikler ilkinji gezekde 15 güne çenli türme tussaglygyna höküm ediler. Eger bu düzgün bozma gaýtalansa, olar 240 sagat jemgyýetçilik hyzmaty, iki ýyla çenli düzediş zähmeti ýa-da bir ýyla çenli türme tussaglygy bilen jezalandyrylar.

Dilegçilik, kanun esasynda, jemgyýetçilik ýerlerinde “pul soramak, azyk ýa-da beýleki maddy zatlary soramak” diýlik kesgitlendi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG