Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Tramp özüniň Güleni 'ekstradisiýa etmek üstünde işleýändigini' aýtdy diýýär


Fethulla Gülen özüniň başa barmadyk döwlet agdarylyşygyna dahyllydygyny ret edýär.
Fethulla Gülen özüniň başa barmadyk döwlet agdarylyşygyna dahyllydygyny ret edýär.

Türkiýäniň daşary işler ministri ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Waşington Ankaranyň Türkiýede 2016-njy ýylda bolan başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnamakda aýyplaýan musulman ruhanysyny “ekstradisiýa etmek üstünde işleýändigini” aýtdy diýýär.

Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu 16-njy dekabrda Trampyň ABŞ-da ýaşaýan Fethulla Gülen baradaky sözlerini Erdogana 20-ler sammiti mahalynda, 30-njy noýabrdan 1-nji dekabra çenli aralykda Argentinada geçirilen duşuşykda aýdandygyny aýtdy.

Çawuşoglunyň bu aýdan sözleri Ak tam, ABŞ-nyň Döwlet departamenti ýa-da ABŞ-nyň Adalar departamenti tarapyndan bada-bat tassyklanmady.

Waşingtonyň Güleni kanun esasynda ekstradisiýa edip biljegi aýdyň bolman galýar, sebäbi Birleşen Ştatlar Türkiýäniň Güleniň 2016-njy ýyldaky döwlet agdarylyşygy synanyşygyna dahyllydygyny görkezýär diýip iberen subutnamalaryny öňden bäri ýeterlik hasaplaman gelýär.

Türkiýe tas ýigrimi ýyla golaý wagt bäri Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Güleni ekstradisiýa etdirmek boýunça uzak wagt bäri tagalla edýär.

Erdoganyň ozalky ýarany bolan Gülen özüniň başa barmadyk döwlet agdarylyşygyna dahyllydygy barada aýdylýanlary doly ret edýär.

Tramp noýabrda, Türkiýäniň saudly žurnalist Jamal Haşogginiň Stambulda öldürilmegi sebäpli Saud Arabystanyna edýän basyşyny gowşatmak tagallalarynyň çäginde Güleni ekstradisiýa etmegiň pikirini etmeýändigini aýtdy.

Erdogan geçen hepde Türkiýäniň daşary ýurtlarda Güleniň goldawçylarynyň maliýeleşdirilmegini nyşana alýan täze başlangyçlara başlajakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG