Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Thaçi Kosowa armiýasynyň esaslandyrylmagyny “tersine gaýtaryp bolmajakdygyny” aýtdy


Kosowanyň prezidenti Haşim Thaçi

Kosowanyň prezidenti ýurduň ýeňil ýaraglar bilen ýaraglanan howpsuzlyk güýçleriniň doly derejeli armiýa öwrülmegini “tersine gaýtaryp bolmajakdygyny” aýtdy.

Prezident Haşim Thaçi bu barada BMG-däki gepleşiklere gitmeginiň öňüsyrasy çykyş etdi. Şol bir wagtda, Serbiýa goňşusy Kosowanyň bu ädimine nägilelik bilidirdi.

“BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde näme bolsa şol bolsun, käbir şahsyýetleriň we ýurtlaryň alada galmagyna hem garamazdan, Kosowanyň armiýasynyň esaslandyrylmagyny yzyna gaýtaryp bolmaz” diýip, Thaçi belledi.

14-nji dekabrda Kosowanyň parlamenti 2 müň 500 agzalyk Kosowanyň Howpsuzlyk Güýçleriniň has kämil ýaraglar bilen ýaraglanan 5 müň 500 şahsy düzümli milli armiýa öwrülmegini makulladylar.

17-nji dekabrda Howpsuzlyk Geňeşi Serbiýanyň haýyşy esasynda bu meseläni maslahat eder.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG