ABŞ-da 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlary döwri rus operatorlarynyň ABŞ-ly ses berijileriň pikirlerine täsir ýetirmek ugrundaky alyp baran kapmaniýasy boýunça Birleşen Ştatlaryň Senatyna iki hasabat hödürlendi.
Hasabatlar Senatyň Aňtaw Komiteti üçin taýýarlandy. Bu komitet prezident Donald Trampyň ýeňiş gazanan saýlawlaryna Russiýanyň täsir ýetirmek synanyşyklaryny derňeýär.
Hasabatlaryň awtorlary Twitter we Facebook sosial ulgamlarynda çap edilen millionlarça maglumatlary, YouTubedäki wideolary, Instagramdaky suratlary dagy seljerdiler.
2017-nji ýylyň ýanwarynda ABŞ-nyň aňtaw jemgyýeti Moskwanyň Trampy goldamaga ýykgyn edendigini, şeýle-de kompýuterleri haklandygyny, sosial ulgamlary propogandany ýaýratmak we ses berijileriň pikirlerine täsir ýetirmek üçin ulanandygyny aýtdylar.