Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti soňky wagtlarda ýygy-ýygydan ýygnak geçirip başlady


Türkmenistanyň prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirýär
Türkmenistanyň prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabr we oktýabr aýlary bilen deňeşdireniňde noýabr we dekabr aýlarynda ýokary wezipeli resmiler bilen has ýygy-ýygydan ýygnak geçirip başlady.

TDH-nyň ýetirýän maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, ýygnaklarda ýurtda bar bolan hiç hili problema açyk agzalyp tassyklanmaýar, ýöne soňky maslahatlaryň dowamynda içerki bazaryň haryt üpjünçiligi, durmuşyň hilini gowulandyrmak ýaly gürrüňler gozgalýar.

Prezident oktýabr aýynda geçiren hökümet maslahatynda ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň rektorlaryndan durmuşyň hilini gowulandyrmak barada teklip sorady. Türkmen prezidentiniň rektorlardan durmuşyň hilini gowulandyrmak barada teklip talap edýän wagty, döwlet mediasy halkyň “bagtyýarlyk we berkararlyk zamanasynda, bolelin, eşretli durmuşda ýaşaýandygyny” gaýtalaýar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary ilatyň iýmit üpjünçiligi babatda agyr güni başdan geçirýändigini habar berýär.

Döwlet baştutanynyň dekabryň başynda geçiren maslahatlarynda ýerli önümçilik we ilatyň haryt üpjünçiligi baradaky meseleler gozgaldy.

Prezident 1-nji dekabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini, 3-nji dekabrda wideoşekilli iş maslahatyny, 4-nji we 14-nji dekabrlarda Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, soňky geçiren mejlisinde ýokary wezipeli iki resmini wezipesinden boşatdy.

Prezident ýokary wezipeli resmiler bilen Ministrler Kabinetiniň mejlisi, Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisi, wideoşekilli iş maslahaty, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi, Ministler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi, Iş maslahaty, Hökümet mejlisi, Hökümetiň bilelikdäki mejlisi, Hökümetiň bilelikdäki göçme mejlisi ýaly ýygnaklary geçirýär.

Şeýle ýygnaklardan sentýabr aýynda 6, oktýabr aýynda 6, noýabr aýynda 9 duşuşyk geçirildi. Dekabr aýy heniz ýarymdan agdy, ýöne muňa garamazdan prezident aýyň başyndan bäri eýýäm 5 maslahat geçirdi.

Adatça, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri her aýyň başynda, Ministrler Kabinetiniň mejlisi her häpdäniň anna güni, Wideoşekilli iş maslahatlary her hepdäniň duşenbe güni geçirilýär. Ýöne dekabr aýynda bu kadadan çykylan halatlary hem boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG