Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň aňyrsynda...


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň köçelerinde ýöräp barýan adamlar. Arhiwden alnan surat.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylda käbir kemçilikleriň sanawy. Ilki bilen sözümiň başynda tok, suw we gazyň pully bolmagy. Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap, aýlyk haklary 10% bolmagy barada söz açypsyňyz, emma şu wagt hem aýlyk haklary näçe ýokary galdyrsaňyz hem söwdegärler öz harytlaryny (bahalaryny) 30%-40% galdyrýarlar. 2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistanyň ilaty 72% ýa-da ondan hem ýokary aç ýaşarlar. Sebäp toga, gaza we suwa 50% aýlyklaryndan gider, eger-de köp maşgalaly bolsaň, has hem köp gider.

Gurbanguly Berdimuhamedow Seniň ilata berýän aýlyk hakyň çöreklerinede ýetmez. Iň esasam Türkmenistanda 81% ilat işsiz otyr. Dünýädäki her döwletiň suwunda, gazynda we togynda LIMIT diýen ýeňillikler bar. Sen Näme üçin şol ýeňillikleri aýyrdyň? Her kim Seniň ýaly Hökümetiň pulundan mugt iýip-içip ýa-da mugt tokdan, suwdan we gazdan peýdalanok. Ilaty aç edip, özüň dok gezýäň.

Türkmen telewidiniýanyň kanallarynda dine Seniň ýüz keşbiňi görkezýärler. Türkmen ilaty öz kanallarynyň 10%-15% seretýärler. Ol hem Seniň özüň Mejlisler ýygnagyny geçireniňde adalatsyz, bikanunsyz Türkmen raýatlaryny basanyňy görýärler. Näme üçin kanallarda 90% ýalan-ýaşryk zatlary görkezýärsiň?

Kanallaryň üsti bilen özüňi öwüp, Hudaýdan öňe geçýäň. Ynsan ömürlik däldir.

Sen Gözel Türkmenistanymyzy dolandyralyň bäri, 5 welaýatyň raýatlary öz ýaşaýan ýerlerinde işsizlik sebäpli, kösenip Aşgabada işlemäge gaýdýarlar. Gynançly ýeri hem solar gelenlerinden bäri Aşgabadyň ýaşaýjylary işsiz öýlerinde kösenip otyrlar. Iň howply ýeri hem Gözel Aşgabadymyzyň içinde düzgün bozmalar, hapaçylyklar, edaralaryň we raýatlaryň içinde-daşynda birnäçe ogurluklaryň peýda bolmagy. Meselem: Gorkunç ýeri ene-atalar öz çagalary bilen işinden daşary şähere gezelenç edenlerinde pul üçin birnäçe çaga ogurluklaryň peýda bolmagyna getirdi.

Biziň Içeri işgärlerimiziň (02) işleri, tejribeleri pesligi sebäpli olar ýaly ogurluklar, düzgün bozmalar, hapaçylyklar şäheriň we Türkmenistanyň içinde gün-günden ýokarlanýar.

Türkmenistanyň Belent we Hormatly raýatlary, Beýik we Gözel Türkmenistanymyz dine öz içimizde däl, eýsem beýleki döwletleriň gözlerinde hem abraýymyz pese düşýär. Eýýäm düşdi diýsek hem bolar. Sebäp, Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynyň aňyrsynda “Döwlet Meniň we neberäm üçindir.” diýen şygar ýatyr.
Türkmenistanyň Belent we Hormatly halkymyz özümizi we geljekki nesillerimizi aldamalyň!

Sözümiň soňunda şu goşgy setirler bilen tamamlamakçy:

Oýlanalyň gowy zatlar hakynda,
Ýagşylyga tutup niýet-pälimiz.
Goparyp zyňalyň ýüreklerimizden
Mekirligi hem hiläni, a:ly biz.

Didelermiz ýagşylygy gözlesin,
Şonda olar dillermize sena bor.
Has-da gözelleýşe nurana durmuş,
Tebigatam başymyza pena bor.

Halallyga uzap dursun ellermiz,
Aýaklarmyz gowulyga ätlesin.
Tämizligi bilen soňky nesiller
Neslimiziň halallygyn ýatlasyn.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Men munuň bilen, AÝ/AR-na teswirime gelen jogaby maňa ugratmagy üçin meniň e-mail adresimi ulanmagyna razylyk berýärin

XS
SM
MD
LG