Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ GRU ofiserlerine garşy sanksiýalary girizdi


Rus oligarhy Oleg Deripaska.
Rus oligarhy Oleg Deripaska.

Birleşen Ştatlary Russiýanyň ozalky we häzirki harby aňtaw agentleriniň ençemesine, şol sanda Angliýada ozalky rus içalysyny zäherlemekde ilteşiginiň bolandygy aýdylýan iki ofiserine, şeýle-de Kreml bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan oligarh Oleg Deripaska garşy täze sanksiýalary girizdi.

Maliýe departamenti eger-de Deripaksa gadagançylyga düşen üç, şol sanda “Rusal” we “EN+” kärhanalaryndan ilteşigini kesse, onda olara garşy girizilen sanksiýalaryň hem aradan aýryljakdygyny duýdurdy.

Waşington şu ýylyň başynda prezident Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri hasaplanýan milliarder Deripaskany, dünýäde “zyýanly hereketleri” ýaýradýandygyny aýdyp, gara sanawyna girizipdi.

XS
SM
MD
LG