Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somaliniň paýtagtynda gurnalan goşa partlamada 16 adam öldürildi


Mogadişuda bolan maşyn partlamasyndan soňky görnüş. Somali, 9-njy noýabr, 2018 ý. Arhiw suraty

Somaliniň polisiýasy paýtagt Mogadişuda prezident köşgüniň golaýynda gurnalan goşa partlama netijesinde azyndan 16 adamyň öldürilendigini aýdýar.

Ilki çykan habarlarda öldürilenleriň sany 13, ýaraly bolanlaryň sany 17 diýlipdi.

Harby resmi 22-nji dekabr säherinde öldürilen adamlaryň arasynda esgerleriň we asuda adamlaryň hem bardygyny aýtdy.

“Al kaýda” topary bilenbilen iltewli “Al-Şabaab” ekstremist topary bomba hüjümleriniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

“Al-Şabaab” Somaliniň hökümetini agdaryp, özüniň berk yslam düzgünini girizmekçi bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG