Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Morokkalylar Atlas daglarynda öldürilen skandinawiýaly studentleriň ýasyny tutdular


Halkara 8-nji mart baýramçylygynda maska geýip, protest şygarlaryna gygyrýan morokkaly aýallar. Arhiw suraty

Morokkalylar Atlas daglarynda jihadçylar tarapyndan öldürilendir öýdülýän skandinawiýaly studentleriň ýasyny tutdular.

22-nji dekabrda ýüzlerçe adam paýtagt Rabatda Daniýanyň we Norwegiýanyň ilçihanalarynyň öňüne ýygnanyp, 24 ýaşyndaky Louisa Vesterager Jesperseniň, 28 ýaşyndaky Maren Uelandyň öldürilmegine gynançlaryny bildirdiler.

Student gyzlaryň jesetleri geçen hepde, olaryň gyrak-çetdäki daglyk ýerde diken çadyrlaryndan tapyldy. Gyzlaryň biriniň kellesiniň kesilendigi aýdylýar.

Bu jenaýat bilen baglylykda dört adam tussag edildi.

Morokka häkimiýetleri bu dört adamyň geçen hepde düşürilen wideoda “Yslam döwleti” ekstremist toparyna wepalylyk kasamyny içendiklerini aýtdy.

Güman edilýänler ol wideoda adamlaryň öldürilmeginiň Siriýadaky wakalar üçin ar alyş bolandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG