Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbler tapgyr üçünji hepde Wuçiçe garşy protest bildirýär


Serb prezidenti Aleksandr Wuçiç Nýu-Ýorkda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde çykyş edýär. Arhiw suraty.

Birnäçe müň adam Serbiýanyň paýtagty Belgrada toplanyp, tapgyr üçünji hepde prezident Aleksandr Wuçiçe garşy protest bildirdi.

22-nji dekabrdaky protestçiler jürlewük çalyp, Wuçiçi demokratik azatlyklary bogmakda, syýasy garşydaşlary basyp ýatyrmakda, mediany gözegçilikde saklamakda aýyplaýan şygarlara gygyrdylar.

Metbugat habarlarynyň käbirindäki hasaplamalara görä, proteste çykanlar 5 müň çemesi adam boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG