Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň öňki premýer-ministri Şarif ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarifi
Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şarifi

Pakistanyň korrupsiýa garşy sudy öňki premýer-ministr Nawaz Şarifi bilinýän maddy girdejisinden aşa köp emläge eýeçilik etmekde aýyplap, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Yslamabadyň sudy bu baradaky karary 24-nji dekabrda yglan etdi. Bu sud diňlenişiginde Şarife garşy iki korrupsiýa işine garaldy. Sud olaryň birinde Şarifiň günäsizidigi barada karar çykardy.

Şarif özüniň günäsizdigini aýdýar.

Ol Londonda gymmatbaha jaýlary satyn almagy bilen baglanyşykly şu ýylyň iýul aýynda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Şarif bu hökümi şikaýat edipdi we sentýabr aýynda muzdly azatlyga goýberilipdi.

Ol geçen ýyl wezipesinden çetleşdirilipdi.

XS
SM
MD
LG