Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Orsýetiň Ukrainanyň käbir raýatlary we guramalary babatyndaky nyşanalaýyn sanksiýalaryny ýaýbaňlandyrdy.
Medwedew gol çeken kararynyň "Orsýet döwletiniň, kompaniýalarynyň we raýatlarynyň bähbitlerini goramaklyga" gönükdirilendigini 25-nji dekabrda Twitterde ýazdy.
200 çemesi adam we gurama sanawa salnypdyr, emma olaryň atlary we beýleki goşmaça maglumatlar berilmedi.
1-nji noýabrda Orsýet Ukrainanyň 322 raýatyna we 68 guramasyna garşy "ýörite ykdysady çäreleri" girizdi.
Sanksiýalar Orsýetdäki nagt bolmadyk hasaplaryň doňdurylmagyny we Orsýetden kapital göçürilmeginiň gadagançylygyny öz içine alýar.
Orsýetiň sanksiýalarynyň sanawy Ukrainanyň içeri işler ministri Arsen Awakowyň, howpsuzlyk gullugynyň başlygy Wasyl Hrytsagyň, öňki premýer-ministrler Ýuliýa Timoşenkonyň we Arseniý Ýatsenýugyň, we Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Jamilewiň atlaryny öz içine alýar. Bu sanaw prezident Wladimir Putiniň 22-nji oktýabrda gol çeken permanyna esaslanýar.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.