Rim Papasy Kristmas baýramçylygy mynasybetli 25-nji dekabrda Watikanda eden çykyşynda dünýäni "öz bähbitlerini" bir ýana goýup, Siriýadaky, Ýemendäki konfliktler we beýleki gyzgyn nokatlar boýunça syýasy çözgüt tapmaga ündedi.
Fransis bu çagyryşyny San Peter ybadathanasynyň öňündäki meýdançada ýygnanan müňlerçe adamyň öňünde şähere we tutuş dünýä niýetlenen adaty "Urbi et Orbi" çykyşynda aýtdy.
"Meniň bagtly Kristmas arzuwym doganlyk islegimdir. Ähli milletleriň we halklaryň adamlarynyň arasyndaky doganlykdyr. Dürli ideýaly adamlaryň arasyndaky doganlykdyr... Dürli dinlere degişli adamlaryň arasyndaky doganlyk" diýip, papa aýtdy.
Fransis Siriýada, Ýemende, Afrikada, Koreýa ýarymadasynda, Ukrainada, Wenesuelada we Nikaraguada parahatçylyga çagyrdy. Şeýle-de, ol Ysraýylyň we Palestinanyň arasynda ýaraşyga umyt baglady.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!