Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly aktiwist üç ýyllyk tussaglykdan soň sud edilýär


Adam hukuklaryny goraýjy aklawçy Wang Kuanžangyň işini diňleýän suduň binasy, Tianjin, 26-njy dekabr, 2018
Adam hukuklaryny goraýjy aklawçy Wang Kuanžangyň işini diňleýän suduň binasy, Tianjin, 26-njy dekabr, 2018

Hytaýyň demirgazygynda tussaglykdaky adam hukuklaryny goraýjy aklawçy Wang Kuanžangyň sudy güýçli howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeginde geçýär. Ol üç ýyl mundan öň aktiwistlere garşy giňişleýin çäreleriň dowamynda tussag edilipdi.

26-njy dekabrda Tianjin şäherinde suduň geçen ýerinde 20 golaý polisiýa gözegçiligi berjaý etdi.

Suduň daşynda geçirilen protestleriň netijesinde iki aktiwist polisiýa tarapyndan alnyp gidildi, žurnalistlere, daşary ýurtly diplomatlara we aktiwistiň tarapdarlaryna suduň jaýyna girmek gadagan edildi.

42 ýaşly Wang döwlet häkimiýetini agdarmaga synanyşykda aýyplanýar we oňa iň uly jeza ömürlik türme tussaglygy abanýar.

Wang 2015-nji ýylda tussag edilen 200 çemesi kanunçy aktiwistleriň arasyndady. Wang ençeme çylşyrymly işlere sereden "Fengrui" ýuridiki guramanyň agzasy we ýurt başyndaky kommunist partiýasynyň açyk tankytçysy.

26-njy dekabrda diňlenişigiň geçen wagtynda sud binasynyň daşynda ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň diplomatlary jemlendi. Olar suda gatnaşmak baradaky öz ýüzlenmeleriniň ret edilendigini aýtdylar. Hytaýda adam hukuklaryny goraýjylaryň sud diňlenişikleri adatça Kristmas baýramçylygy döwründe diplomatlaryň we žurnalistleriň dynç alyş döwründe geçýär.

XS
SM
MD
LG