Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmen halkyny başgalara masgara etmäň, ýüzimizi ýere salmaň!"


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara rallä taýýarlanýar. Arhiw suraty
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara rallä taýýarlanýar. Arhiw suraty

Salam Arkadag!

Arkadag diýýärin sebäbi azajygam bolsa hatymyza gulak asarsyňyz diýip umy edýärin.

Türkmenistanda şu güne çenli dürli arza şikaýatlar bilen siziň dolandyrmagyňyzdaky hökümede hakyny sorap, hak hukuk gözläp müňläp adamlar ýüz tutdylar. Ýöne şolaryň içinden ýekejede arza ýazdym welin hakymy aldym ýa-da meni kanagatlandyrdylar diýen adama gabat gelmedim. Gaýtam tersine özüniňkini dogry edýärler, arzyňy diňleýän ýok diýeni welin köp eşitdim.

Eý Arkadag we minstrler ! Sizden adamlar gaty köp zady talap edýärlermi? Eger arzalary kanagatlandyrmajak bolsaňyz, adalat ýerini tapmajak bolsa onda kanun bize nämä gerek?

Konstitusiýa baş kanun hasaplanýar. Siziň çykarýan düzginlerňiz iň bolmanda Konstitusiýa bilenem örtüşenok. Onda Konstitusiýa nämä gerek ? Kazyýet nämä gerek, polisiýa nämä gerek, prokuror kime gerek?

Onsoňam o bolşuna da ýurtdan göçüp gidip barýanlardan nägile bolýaňyz , saklajak bolýaňyz. Kim dursyn beýle ýagdaýda? Ýurdy ýaşar ýaly ýagdaýa getirmeseňiz täze ýyldan mundanam has köp maşgalalar gitmäge taýýarlanýanyny bilýärsiňizmi?

Eger bir raýat öz ýurdunda erkana gezip bilmese, islan welaýatynda ýada paýtagytda işläp bilmese, ulagy bilen baryp bilmese, dürli kynçylyklara sezewar bolsa, işsiz ýatyp nädip günini güzeranyny aýlasyn?

Size soraýaryn jogap beriň?! Palçyk ýalasynmy? Şu zatlaryň üssüne siz nädip telewideniýede utanman aýdym aýdyp bilýäňiz ? Halkyň aladasyny et , kellämizde şänik döw. Ýöne beýdip Türkmen halkyny başgalara masgara etmäň, ýüzimizi ýere salmaň. Sizden watansöýer raýat hökmünde ullakan haýyş.

Arkadag siz we siziň pathalim minstrlerňizden, hökümediň parahor işgärlerinden galan hemme adamlaryň, çöregini halal zähmet bilen gazanýan adamlaryň Täze ýyly bilen ýürekden gutlaýaryn. Allajan siziň kalbyňyza da rehim bersin !!!

Goý 2019-njy ýyl KANUN we ADALAT ýyly bolsun!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG