Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy aradan çykdy


Anatoliý Petrowiç Fomin
Anatoliý Petrowiç Fomin

23-nji dekabrda Türkmenistandaky Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy Anatoliý Petrowiç Fomin Russiýanyň Saratow regionynda aradan çykdy. Ol 80 ýaşynyň içindedi. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Neşir özüniň 27-nji dekabrda çap eden maglumatynda Fomin bilen Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň arasynda bolan konfliktden soň, onuň ýurdy terk edip, Russiýa göçmäge mejbur bolandygyny aýdýar.

Fomin 1939-njy ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda dünýä inipdi. Ol “Gurluşykçy” futbol komandasynyň tälimçisi bolup işläpdi. 1992-nji ýylyň maýynda ol Türkmenistandaky Rus jemgyýetiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanypdy.

Fomin Moskwada ýaşan döwründe Türkmenistanyň häzirki syýasy režimini tankyt edip, oppozisiýa we adam hukuklary babatynda iş alyp bardy.

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Anatoliý Petrowiç Fominiň 80 ýaşy dolmalydy.

XS
SM
MD
LG