Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada bir adam granaty partladyp, özüni öldürdi, başga-da üç adamy ýaralady


Russiýanyň kartasy

Russiýanyň media serişdeleriniň maglumatynda ýurduň uzak gündogaryndaky Habarowsk şäherinde bir adamyň granaty partladyp, özüni öldürdendigi we başga-da üç adamy ýaralandygy aýdylýar.

Ýerli resmilere salgylanyp berilýän maglumatlara görä, gürrüňi gidýän adam granaty 27-nji dekabrda partladypdyr. Onuň ammar toplumyndaky bir edarany talamak isländigi aýdylýar.

Bu adam wakanyň bolan ýerinde aradan çykdy. Başga-da iki adam we bir aýal keselhana alnyp gidildi. Olaryň saglyk ýagdaýy agyr däl diýlip, habarlarda aýdylýar.

Ýerli polisiýa resmileri derňewçileriň wakanyň bolan ýeriniň howpsuzlygyny üpjün edendigini mälim etdiler.

Häzirlikçe goşmaça maglumat berilmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG