Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin internetde 'laýk', 'repost', we mem-maglumatlar üçin jezany gowşatdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin internetde paýlaşan maglumatlary ýa-da goýan 'laýklary" üçin türmä höküm edilen adamlaryň ykbalyna bildirilýän güýçli aladalanmalaryň fonunda, ýigrenç esasyndaky käbir jenaýatlar üçin jezany gowşatdy.

Putiniň 28-nji dekabrda gol çeken kanuny köpçülik içinde, şol sanda mediada we internetde ýigrenjiň etnik, dini we beýleki görnüşlerini tutaşdyrmakda ilkinji gezek aýyplanan adamlaryň türme tussaglygyna höküm edilmeginiň mümkinçiligini aradan aýyrýar.

Orsýetiň prezidentiniň kanuna gol çekmegi, ýurtda adamlaryň dini pikirlere şübhe bildirendigi ýa-da häkimiýetleriň ýigrenç döredýär diýip hasaplan maglumatlary internetde paýlaşandygy üçin tutha-tutluklara sezewar bolmagyna uly aladalanma bildirilýän wagtyna gabat geldi.

Kanuna görä, bozujylar birinji gezek jenaýat işine çekilmegiň ýerine administratiw jogapkärçiligine çekiler, olar jerimä, jemgyýetçilik işlerine ýa-da 15 gije-gündizlik tussaglyga sezewar ediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG