Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň prezidentleri bilen telefonda gepleşdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri bilen telefonda gepleşdi.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň 27-nji dekabrda habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şawkat Mirziýoýew we Sooronbaý Jeenbekow bilen geçiren aýra telefon söhbetdeşliklerinde taraplar bir-birini ýetip gelýän täze ýyl bilen gutlapdyr.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri özara gepleşiginde iki ýurduň arasyndaky dialogyň ýokary derejesini nygtapdyr we köptaraplaýyn partnýorlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläpdir.

Berdimuhamedowyň Gyrgyzystanyň prezidenti bilen gepleşiginde taraplar, hususan-da, türkmen-gyrgyz dialogynyň aktiwliginiň barha güýçlenmegine kanagatlanma bildiripdir.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şawkat Mirziýoýew we Sooronbaý Jeenbekow bilen bilen telefon söhbetdeşlikleriniň özbek we gyrgyz taraplarynyň inisiatiwasy bilen geçirilendigini Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berdi.

XS
SM
MD
LG