Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet tussagda saklanylaýn ukrain deňizçileri baradaky fransuz, german çagyryşlaryny ret edýär


Kerç aýlagynda tussag edilen ukrain esgeri Roman Mokrýagyň suraty

Orsýetiň Daşary işler ministrligi, öz sözleri bilen aýdylanda, Germaniýanyň we Fransiýanyň Orsýetde saklanylýan ukrain esgerlerini boşatmak baradaky kabul ederliksiz talaplaryny ret etdi.

Rus DIM-niň 29-njy dekabrdaky beýanaty german kansleri Angela Merkeliň we fransuz prezidenti Emmanuel Makronyň 28-nji dekabrdaky beýanatlarynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Orsýet geçen aý Gara deňiz bilen Azaow deňzini bir-birine baglaýan Kerç aýlagynyň golaýynda gämileri bilen bile tussag edilen 24 ukrain deňizçisini goýbermän saklaýar.

Moskwa bu gämileriň 2014-nji ýylda Orsýet tarapyndan basylyp alnan we Ukrainadan anneksiýa edilen Krymyň golaýyndaky rus territorial suwlaryna bikanunyn girendigini öňe sürýär.

Ukraina we BMG-a agza döwletleriň köpüsi bu anneksiýany ykrar etmeýär.

ÝB we ABŞ Orsýetiň bu hereketleriniň bikanundygyny aýdyp, Moskwany gämileri we olaryň ekipažyny derhal Ukraina gaýtaryp bermäge çagyrdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG