Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tähranda studentler ganly awtobus heläkçiligi sebäpli protest bildirdiler


Eýranyň Azad uniwersitetiniň ýüzlerçe studenti paýtagt Tähranda proteste çykdy.

Eýranyň Azad uniwersitetiniň ýüzlerçe studenti paýtagt Tähranda geçen hepde bolan awtobus hadysasy zerarly gahar-gazaplaryny bildirmek üçin proteste çykdylar. Gürrüňi edilýän awtobus hadysasynda onlarça student öldi we ýaralandy.

Studentleriň käbiri bu hadysada günäläp, uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň işden çekilmegine çagyrdy. Proteste heläk bolan studentleriň hem käbir garyndaşlary goşuldy diýip, Eýranyň habar serişdeleri habar berdi.

Tährandaky Yslamçy Azad uniwersitetiniň Ylym we barlaglar bölüminiň studentlerini alyp gelýän awtobus agdarylanda azyndan 10 student öldi, 27 student bolsa ýaralandy.

Polisiýa bu hadysanyň sebäplerini derňeýändigini aýdýar. Tähranyň prokurory 26-njy dekabrda bu hadysa bilen bagly iki adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Eýran ýol hadysalarynda ölýän adamlaryň sany boýunça ýokary derejelerde durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG