Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sibirde bolan uçar we ýol hadysalarynda azyndan on adam öldi


Hanty-Mansiýsk şäherinden bir görnüş
Hanty-Mansiýsk şäherinden bir görnüş

Sibiriň Hanty-Mansi sebitinde bolan ýol hadysasynda azyndan alty adam öldi diýip, rus döwlet mediasy habar berýär.

TASS habar gullugynyň 29-njy dekabrda, ýerli adatdan daşary ýagdaýlar gullugynda bir çeşmä salgylanyp beren maglumatyna görä, ýol hadysasynda 18 adam ýaraly boldy.

TASS bilen gürleşen saglyk resmileri, ýaralylaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýdyp, ölenleriň sanynyň köpelmek äthimallygyny duýdurdylar.

Habar gullugynyň maglumatyna görä, “Rosneft” nebit kompaniýasynyň eýeçiligindäki awtobus işçileri alyp barýan wagtynda, Týumen we Hanti-Mansiýsk şäherleriniň arasyndaky uly ýolda iki maşyn bilen çakyşdy.

Şu aralykda Sibiriň Ulan-Ude şäherinde ýykylan dikuçarda hem, uçaryň eýesi bolan ýerli biznesmen bilen bilelikde, dört adam öldi.

TASS bu habary Burýatiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugyna salgylanyp ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG