Türkmenistanyň at gazanan artisti Nina Şumskaýa 91 ýaşynda aradan çykdy.
Şumskaýa 1953-nji ýylda Magtymguly adyndaky akademik teatrynyň opera aýdymçysy bolup çykyş edip başlady, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda D.Öwezow adyndaky sazçylyk orta mekdebinde mugallymçylyk etdi.
1932-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ýaşan Nina Şumskaýa 1996-njy ýylda Türkmenistandan göçüp gitdi we Sankt Peterburgyň teatr weteranlarynyň öýünde ýaşady.
Şumskaýa 29-njy dekabrda Sankt Peterburgyň sahna weteranlarynyň öýünde aradan çykdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri habar berdi.