Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýumrulan jaýyň pidalarynyň sany köpelýär


31-nji dekabrda ýumrulan ýaşaýyş jaý, Magnitogorsk, 2-nji ýanwar 2019

Täze ýylyň öňýanynda Uralyň Magnitogorsk şäherinde ýaşaýyş jaýyň ýumrulmagy zerarly 19 adamyň wepat bolandygy tassyklandy.

Halas edijiler harabalykdan pidalary çykarmagyny dowam etdirýärkä, betbagtçylygyň sebäpleri baradaky spekulýasiýalar güýçlenýär.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň 2-nji ýanwarda aýtmagyna görä, jaýyň ýumrulmagyna sebäp bolan partlamadan soň çak bilen 25 adamyň ykbaly näbelli galýar. Ministrlik wepat bolanlaryň arasynda iki çaganyň bolandygyny aýtdy. Alty adam, şol sanda iki çaga harabalykdan çykarylyp, halas edildi.

Jaýyň ýumrulmagy zerarly onlarça maşgala täze ýyl gijesi öýsüz galdy.

Orsýet resmileri 31-nji dekabrda jaýyň ýumrulmagyna gazyň partlamagynyň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdylar. Emma Federal derňew komitetiniň 1-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda "ähli mümkin sebäpleriň barlanýandygy" aýdyldy, emma bomba partlamasyna görkezýän hiç hili alamatyň tapylmandygy bellendi.

Iki media serişdesi ady agzalmadyk resmä salgylanyp, partladyjylara degişli bolup biljek bölekleriň tapylandygyny we jaýyň ýumrulmagyna terrorçylyk aktynyň sebäp bolmagynyň ähtimaldygyny habar beripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG