Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýada otly hadysasynda 6 adam heläk boldy, 16 ýaralandy  


Otly heläkçiliginiň bolan köprüsi, Nyborg, 2-nji ýanwar, 2019
Otly heläkçiliginiň bolan köprüsi, Nyborg, 2-nji ýanwar, 2019

Daniýanyň iki esasy adasyny baglaýan köprüde ýüze çykan otly heläkçiligi zerarly 6 adam heläk boldy, 16 ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar.

Ýurduň demirýol resmileriniň aýtmagyna görä, 2-nji ýanwarda güýçli şemalyň dowam edýän wagtynda ýük otlusynyň alyp barýan zatlary ýolagçy otla zarba urup, onuň Uly guşak atly köprüde (Great Belt Bridge) gyssagly saklanmagyna sebäp bolupdyr.

Adatdan daşary gulluklar agyr howa şertlerinde ýolagçy otlynyň ýanyna barmakda kynçylyk çekendigini habar berdiler. Hadysanyň bolan wagtynda otluda 131 ýolagçy we ekipaž agzalary bolupdyr.

Otly Funen adasyndaky Odense şäherinden Daniýanyň Zealand adasynda ýerleşýän paýtagty Kopengagene barýardy.

XS
SM
MD
LG