Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde çöken binada heläk bolanlaryň sany artýar, heläkçiligiň sebäpleri barada çaklama ýaýraýar


Magnitogorsk şäherinde çöken binada halas ediş toparlary işleýär, 2-nji ýanwar, 2019-njy ýyl
Magnitogorsk şäherinde çöken binada halas ediş toparlary işleýär, 2-nji ýanwar, 2019-njy ýyl

Täze ýylyň bosagasynda Russiýanyň Magnitogorsk şäherindäki bir köp gatly ýaşaýyş jaýyň çökmeginiň netijesinde 19 adamyň ölendigi tassyk boldy. Halas ediş toparlary sowuk howa şertlerinde çöken binanyň aşagynda galan adamlary çekip çykarmak işlerine dowam edýärler. Bu aralykda, heläkçiligiň sebäpleri barada käbir caklamalar ýaýraýar.

2-nji ýanwarda Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi 25 adamyň heniz hem tapylmandygyny aýtdy. Partlamanyň netijesinde binanyň bir gapdalynyň çökmegi bilen, baýramçylygygyň dowamynda onlarça adam öýsüz galdy.

Ölümi tassyklananlaryň hatarynda iki çaga bar diýip, ministrlik aýtdy. Alty adam, şolaryň hatarynda iki çaga, çöken binanyň astyndan halas edilip hassahana ýerleşdirildi.

31-nji dekabrda agzalýan binanyň çökmeginiň yzýany rus häkimiýetleri tebigy gaz partlamasynyň heläkçilige sebäp bolandygyny çaklady.

Ýöne federal Derňew komiteti 1-nji ýanwarda çap eden beýanatynda heläkçiligiň sebäpleriniň hatarynda bomba partlamasynyň alamatlarynyň ýokdugyny sözüne goşup, özleriniň heläkçiligiň “mümkin bolan ähli sebäplerine” seredýändiklerini aýtdy.

“Mediada peýda bolan dürli habarlar bilen baglylykda, häzirki wagtda bellemeli bir ýagdaý bar...Partlaýyjy ýa-da onuň bölekleriniň galyndylary tapylmady” diýip, beýanatda aýdylýar.

Iki media guramasy özleriniň atsyz çeşmelerine salgylanyp, wakanyň bolan ýerinde partlaýyjylaryň galyndylarynyň tapylandygyny we binanyň çökmegine getiren partlamanyň terror akty bolmagynyň mümkindigini aýdyp habar ýaýradandan soňra, derňew komiteti beýanat ýaýratdy.

Regional habar saýty bolan 74.ru we znak.com saýtlaryndaky habarlar 1-nji ýanwarda bolan bir wakany binanyň çökmegi bilen ilteşdirdi. Onda heläkçiligiň bolan ýerinden 3 kilometr aradaşlykda bir furgon ulagy ot alyp, munuň netijesinde üç adam ölýär. Ýöne bu habarlaryň hiç haýsysyny garaşsyz çeşmeler arkaly tassykladyp bolmaýar.

74.ru saýty kanun goraýjy gulluklardaky atsyz çeşmelerine salgylanyp, ýanan ulagdaky adamlaryň polisiýa tarapyndan gözlenip ýören adamlardygyny we munuň mümkin bolan sebäbiniň binanyň çökmegi we partlama bilen bagly bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Federal howpsuzlyk gullugy ýanan ulagda iki gaz kanistrasynyň bolandygyny aýtdy. Içeri işler ministrliginiň regional bölümi ulagda dörän ýangynyň gaz kansiterleriniň partlamagynyň netijesinde dörän bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

Internetde ýanýan furgony görkezýän we yzly-yzyna ot açylýan sese meňzeş güýçli sesler eşidilýän wideonyň paýlaşylmagy bilen çaklamalar güýjedi.

Orsýetde soňky 25 ýylyň dowamynda bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlardaky adam ýitgili ençeme partlama demirgazyk kawkazly jeňçileriň üstüne atylýar.

Ýöne şeýle heläkçilikleriň köpüsi hojalyklarda ulanylýan gaz bilen hem baglanyşdyrylýar. Haçan-da köp gatly ýaşaýyş jaýynyň bir bölegi çökende köplenç munuň sebäpleri barada dürli çaklamalar ýöredilýär.

Soňky bolan wakany derňemek üçin Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin 100 resmiden düzülen topar döretdi.

2-nji Çelýabinks oblastynda matam güni yglan edildi. Moskwanyň 1700 kilomter günorta-gündogarynda ýerleşýän 400.000 ilatly Magnitogorsk senagat şäheri Çelýabinsk Oblastynyň düzümine girýär.

Prezident Wladimir Putin 31-nji dekabrda wakanyň bolan ýerine sapar edip, ýerli resmiler bilen duşuşdy hem-de ýerli keselhanadaky käbir ýaralylaryň halyndan habar aldy.

Ýerli hökümetiň maglumatlaryna görä, 1973-nji ýylda gurlan köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynda 31-nji dekabr güni ýerli wagt bilen ir sagat 6:10-da partlama boldy. Köp gatly ýaşaýyş jaý toplumynda 1.100 adam ýaşaýar.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi özüniň websaýtyndan ýaýradan maglumatynda binanynyň orta böleginiň 3-nji etažyndan 10-njy etažy aralygynda jemi 48 jaýyň partlamadan zyýan çekendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG