Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar täze wezipä bellendi


Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow täze wezipä bellendi.

Türkmen metbugatyna görä, Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellendi.

Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine 2018-nji ýylyň mart aýynda parlamente saýlanmagynyň yzýany bellenipdi.

Geçen ýylyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýasy durmuşynda aktiw rol oýnady, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň sammitine we GDA guramasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy.

Wezipe çalyşygynyň sebäpleri resmi maglumatlarda anyklaşdyrylmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG