Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Orsýeti, Pakistany Owganystandaky konfliktde has aktiw rola çagyrdy


Sowet-owgan urşunyň 29-njy ýyl dönüminde Owganystanyň esgeri sowet döwrüniň tankynyň üstünde, Kandahar fewral, 2018.
Sowet-owgan urşunyň 29-njy ýyl dönüminde Owganystanyň esgeri sowet döwrüniň tankynyň üstünde, Kandahar fewral, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp beýleki ýurtlary, aýratynam Orsýeti, Pakistany we Hindistany Owganystandaky söweşlere has köp goşulmaga çagyrdy, şol bir wagtda-da ABŞ-nyň goşunlarynyň bu ýurtda uzak möhletleýin galmagynyň dowam etdirilmegine garşy çykyş etdi.

Tramp 2-nji ýanwarda hökümet maslahatynyň dowamynda eden telewizion çykyşynda Moskwanyň 1980-nji ýyllarda Owganystana goşun salmagynyň Sowet Soýuzyny "bankrotlyga" we ýumrulmagyna alyp barandygyny öňe sürdi.

"Talybana" we "Yslam döwleti" toparyna garşy söweş barada eden çykyşynda Tramp regiona has golaý ýerleşýän ýurtlary söweşi kabul etmäge çagyrdy.

"Beýleki ýurtlara seretseňiz... Pakistan şol ýerde. Olar söweşmeli" diýip, Tramp aýtdy we "Orsýet söweşmeli" diýip, belledi.

"Orsýetiň [1980-njy ýyllarda] Owganystana barmagyna terroristleriň Orsýete ugramagy sebäp bolupdy" diýip, Tramp aýtdy we "Olaryň şol ýerde bolmagy dogrudy" diýip sözüniň üstüne goşdy.

XS
SM
MD
LG