Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Biz bandadyrys' diýip aýdan gazak polisiýa ofiseri işden kowuldy


"Biz bandadyrys" wideosyndan pursat

Gazagystanyň polisiýa güýçlerini "banda" diýip, žargon sözi bilen häsiýetlendiren polisiýa ofiseri işden boşadyldy.

Gazagystanyň içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Almas Sadubaýewiň 3-nji ýanwarda Facebook arkaly habar bermegine görä, A.R. Tastaibekow diýlip, tanadylan ofiser işden boşadylypdyr, onuň ýolbaşçysyna käýinç berlipdir.

31-nji dekabrda internetde peýda bolan wideoda polisiýa geýimli adam kanun goraýjy edaralaryň işgärlerini "banda" diýip atlandyrdy we täze ýyl bilen gutlap, olara "ýedinji arka çenli bolçulyk arzuw etdi" hem "biziň tanyşlyklarymyzdan agtyklarymyz hem peýdalansyn" diýdi.

Sadubaýewiň sözlerine görä, wideonyň awtory hasaplanýan Tastaibekow Karagandy şäheriniň polisiýa akademiýasynyň birinji kursunyň başlygynyň orunbasary.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG