Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana 'prowokatiw' kosmiki serişdeleri uçurmazlyk barada duýduryş berdi


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

ABŞ Eýrana üç sany kosmiki apparatyny uçurmak boýunça "prowokatiw" planyny dowam etdirmezlik hakynda duýduryş berdi we olaryň ýadro ýaragyny götermäge ukyply ballistik raketalara "umuman barabardygyny" aýtdy.

"ABŞ Eýranyň režiminiň halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny hatar astynda goýýan ýumuryjy syýasatyna gyrada durup syn etmekçi däl" diýip 3-nji ýanwarda döwlet sekretary Mike Pompeo aýtdy.

Pompeo Kosmiki raketa göterjileri (SLV) diýlip atlandyrylan üç raketanyň uçurylmagynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2015-nji ýylda kabul eden 2231 rezolýusiýasyna ters gelýändigini aýdýar.

Rezolýusiýa Tährany "ýadro ýaragyny götermäge ukyply ballistik raketalara degişli hiç hili işleri alyp barmazlyga" çagyrýar. Bu rezolýusiýa dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň 2015-nji ýylda Eýran bilen baglaşan we Tähranyň ýadro programmasyndan el çekmegi üçin käbir sanksiýalaryň ýatyrylmagyny göz öňünde tutýan ylalaşyga hem bagly.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň maý aýynda bu ylalaşykdan çykyp, Eýrana garşy sanksiýalary dikeldip başlady.

XS
SM
MD
LG