Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2019-Aziýa kubogynyň futbol ýaryşy başlandy, Türkmenistan hem gatnaşýar


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerinde 2019-njy ýylyň Aziýa kubogynyň futbol ýaryşy başlandy.

Bu gezek ýaryş iň uly düzümde geçirilýär, onuň gatnaşyjylarynyň sany 16-dan 24 ýurda çenli artdyrylyp, olaryň arasyna Eýran, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan goşuldy.

2015-nji ýylyň ýaryşyny geçirip, ýeňiji bolan Awstralia bu gezek hem ýeňişe dalaş edýär. 2018-nji ýylda iň üstünlikli çykyş eden Aziýa ýurdy Ýaponiýa hem ýeňişe dalaş edýänleriň öň hatarynda durýar.

FIFA Aziýanyň iň güýçli futbol komandalarynyň arasynda Eýrany hem görkezýär.

Futbol bäsdeşligi regionda dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda geçýär. Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Bahreýn 2016-njy ýylda Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdiler.

2022-nji ýylyň Dünýä çempionatyny geçirjek ýurtlar Saud Arabystany we Katar toparlar arasyndaky bädeşlikde duşuşarlar.

2019-njy ýylyň Aziýa kubogynyň final ýaryşy 1-nji fewralda Zayed sport şäher stationynda geçiriler.

XS
SM
MD
LG