Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak regional sudy aşaky suduň Džakişew barada çykaran kararyny öz güýjünde saklady


Gazagystanyň uran läheňi “Kazatompromyň” ozalky başlygy Mukhtar Džakişew
Gazagystanyň uran läheňi “Kazatompromyň” ozalky başlygy Mukhtar Džakişew

Gazagystanyň regional sudy ýurduň uran läheňi “Kazatompromyň” ozalky başlygy Mukhtar Džakişewiň girew esasynda tussaglykdan boşadylmagyny ret etmek barada aşaky suduň çykaran kararyny öz güýjünde saklady.

Gündogar Gazagystan regional sudunyň 4-nji ýanwarda çykaran karary Džakişewiň aklawçysy Nurlan Beisekew tarapyndan tankyt edildi.

Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda suduň gazak kanunyny äsgermändigini aýtdy. Beisekewiň sözlerine görä, kanunda saglyk problemalaryny başdan geçirýän raýatyň amala aşyran jenaýaty üçin döwlete kompensasiýa tölemändigi sebäpli, möhletinden öň azatlyga çykmak haýyşy ret edilip bilinmeýär.

28-nji noýabrda Semeýi şäher sudy Džakişewiň amala aşyran jenaýaty üçin döwlete kompensasiýa tölemändigi sebäpli, onuň möhletinden öň azatlyga çykmak haýyşyny ret edipdi.

Beisekewiň sözlerine görä, onuň müşderisi aşa ýokary gan basyşyndan ejir çekýär. Şeýle-de, ol Džakişewiň höküm edilen 14 ýyl türme tussaglygynyň üçden iki bölegini eýýäm türmede geçirendigini we onuň girew esasynda goýberilmäge mynasypdygyny belledi.

Ýerli we daşary ýurtlardaky aktiwistler, şeýle-de hukuk toparlary Džakişewiň syýasy tussagdygyny aýdýarlar.

Džakişewiň tarapdarlary we adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara toparlary onuň 2009-njy ýylda tussag edilmeginden bäri, azatlyga goýberilmegi ugrunda çagyryşlary edýärler.

Geçen ýylyň mart aýynda Norwegiýanyň Helsinki komiteti we düýbi Fransiýada ýerleşýän Merkezi Aziýada adam hukuklary boýunça assosiasiýa gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewe ynsanperwer sebäpler üçin Džakişewi tussaglykdan boşatmaga çagyrdylar. Agzalýan guramalar Džakişewi syýasy tussag atlandyryp, onuň gyssagly medisina kömegine mätäçdigini aýtdylar.

2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komiteti gazak häkimiýetlerinden Džakişewiň hökümini ýatyryp, ony derhal tussaglykdan boşatmaga çagyrdylar.

Komitet onuň adalatly we jemgyýetçiligiň öňünde sud edilmek, öz aklawçysy bilen habarlaşmak we adamkärçilikli çemeleşmek hukuklarynyň bozulandygyny aýdypdy.

Gazagystanda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar hem Džakişewi syýasy tussag diýip atlandyrdylar. Gazak hökümetiniň käbir tankytçylary onuň Muhtar Ablýazow bilen bolan ýakyn gatnaşyklary sebäpli tussag edilendigine ynanýarlar.

Muhtar Ablýazow Nazarbaýewiň aç-açan tankytçysy bolup, ol 2009-njy ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň çäginde ýaşaýar.

Ablýazow 5 milliard dollar çemesi puly bikanun eýelemekde güman edilip, Gazagystan, Russiýa we Ukraina tarapyndan gözlenilýär.

27-nji noýabrda gazak sudy Ablýazowy adam öldürmekde günäli tapyp, ömürlik türme tussaglygyna gaýybana höküm etdi. Ablýazow bu aýyplamanyň syýasy matlaplydygyny aýdyp, ony ret edýär.

Mundan öň Gazagystanyň beýleki bir sudy Ablýazowy jenaýat toparyny gurnamakda we oňa ýolbaşçylyk etmekde, öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda, hilegärlikde we maliýe serişdeleri hyýanatçylykly ulanmakda günäli tapyp, 20 ýyl türme tussaglygyna gaýybana höküm edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG