Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýada tuna balygy $3.1 milliona satyldy


Her kilogramy 1.2 million ýene bahalanan tuna balygy Ýaponiýanyň Honşu adasynyň demirgazygynda tutuldy.
Her kilogramy 1.2 million ýene bahalanan tuna balygy Ýaponiýanyň Honşu adasynyň demirgazygynda tutuldy.

Tokioda balyk bazarynyň auksionynda 278 kilogramlyk tuna balygy rekord derejedäki baha, ýagny 336.6 million ýene ($3.1 million) satyldy.

Her kilogramy 1.2 million ýene bahalanan tuna balygy Ýaponiýanyň Honşu adasynyň demirgazygynda tutuldy.

Täze ýylyň başynda balyk söwdegärleri we suşi tüçjarlary, yrym edip, iň gowy we iň uly balyk üçin ummasyz pul serişdelerini çykýarlar.

Ýaponiýanyň tuna balygy dünýädäki restoranlarda gymmat baha hödürlenýär.

Mundan öň, tuna balygy 2013-nji ýylyň auksionynda rekord derejedäki 155 million ýene (şol wagtky hasap bilen $1.43 million) dollara satylypdy.

XS
SM
MD
LG