NASA Russiýanyň kosmos agentliginiň başlygy Dmitriý Rogoziniň planlaşdyrylan saparyny ýatyrdy. Mundan öň, ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryna düşen Rogoziniň sapary bilen baglylykda tankydy makalalar çykypdy, şeýle-de ABŞ kanunçykaryjylary saparyň ýatyrylmagyna çagyryş edipdi.
“NASA Russiýanyň kosmos agentligi Roskosmosa, [Rogoziniň] 2019-njy ýylyň fewralyna planlaşdyrylan saparynyň yza süýşürilendigini mälim etdi” diýip, NASA-nyň metbugat wekili çykyş etdi.
Rogoziniň NASA-nyň Hýustondaky baş edarasynda geçmeli duşuşygynyň täze möhletiniň “takyklaşdyrylmandygy” hem bellenildi.
Roskosmosyň metbugat wekili saparyň yza süýşürilendigi barada NASA-dan hiç hili beýanatyň gowuşmandygyny aýtdy.