Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan “basym” ABŞ-nyň Siriýadan goşun çykarmak planlary barada maslahatlaşmak üçin duşuşmagy planlaşdyrýar. Bu ýurtlaryň ikisiniň hem Siriýada harbylary bar.
Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar gullugy 6-njy ýanwarda bu duşuşygyň, anyk wagty kesgitlenmedik hem bolsa, şu aýda bolmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow iki lideriň “basym” gürleşmek niýetiniň bardygyny, emma entek duşuşygyň anyk senesiniň belli däldigini tassyk etdi.
Putin we Erdogan soňky gezek 1-nji dekabrda, Buenos Aýresde geçen 20-ler sammitinde duşuşdy. Iki ýurduň daşary we doranmak ministleri dekabryň aýagynda Moskwada duşuşyp, Siriýa hakynda maslahat etdiler.
Siriýa ýedi ýyllyk raýat urşuny başdan geçirýär.
Orsýet we Eýran bu uruşda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar. Birleşen Ştatlar we Türkiýe dürli-dürli hökümete garşy söweşijileri goldaýar.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton anna güni, 8-nji ýanwarda Türkiýede türk goranmak ministri Hulusi Akar we aňtaw gullugynyň başlygy Hakan Fidan bilen duşuşanda ABŞ planlaryny maslahat etjekdigini aýtdy.