Owgan “Talybany” Katarda ABŞ resmileri bilen geçmeli iki günlük parahatçylyk gepleşiklerini ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu beýanatdan birnäçe sagat öň, “Talyban” bu duşuşygyň geçjekdigini, şeýle-de oňa owgan hökümet resmileriniň gatnaşmajakdygyny mälim edipdi.
8-nji ýanwarda “Talybanyň” Owganystandaky lideri “Reuters” habarlar gullugyna gepleşikleriň 9-njy ýanwarda Kataryň paýtagty Dohada geçjekdigini aýdypdy.
Emma, sişenbe güni “Talybanyň” Dohadaky wekilleri Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna “gün tertibindäki meseleler boýunça düşünişmezlikler” babatyndaky “nobatdaky konsultasiýalara çenli” gepleşikleriň “yza süýşürilendigini” mälim etdi.
“Talybanyň” beýleki bir wekiliniň “Reuters” habarlar gullugyna beren maglumatyna görä, düşünişmezlikler Waşingtonyň gepleşiklere owgan hökümet resmileriniň hem gatnaşmalydygyny aýdandygy bilen bagly bolupdyr. Ol ok atyşyklary bes etmek, şeýle-de tussaglary çalyşmak meselelerinde hem ylalaşyksyzlyklaryň bardygyny belledi.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!