Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan ABŞ-nyň kürt söweşijilerine hüjüm etmezlik çagyryşyny ret etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Boltonyň Türkiýeden Siriýadaky kürt söweşijilerine zyýan ýetirmezligi soramak bilen “örän uly ýalňyşlyk goýberendigini” aýtdy. Ýatlatsak, prezident Donald Tramp Siriýadan ABŞ-ly esgerleri çykarmakçy bolýar.

“Jon Bolton örän uly ýalňyşlyk goýberdi. Biz bu mesele boýunça ylalaşyp bilmeris” diýip, Erdogan Boltonyň Türkiýäni terk etmeginiň öňüsyrasy çykyş etdi.

Bolton Türkiýäniň Siriýadaky ABŞ ýaranlary bolan kürt milisiýasyna hüjüm etmejegine kepillik almak üçin, Ankara sapar edipdi. Türkiýe kürt milisiýasyna terrorçylar hökmünde garaýar.

Bolton Erdoganyň ýokary derejeli maslahatçysy Ibrahim Kalin bilen iki sagatlyk gepleşikleri geçirdi. Şol bir wagtda, Boltonyň Erodogan bilen geçirmegine garaşylan duşuşygy bolmady.

XS
SM
MD
LG