Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda Zeromaksyň ozalky ýolbaşçysy sekiz ýyldan soň azatlyga goýberildi


Mirodil Jalolow
Mirodil Jalolow

Özbegistanda Zeromaks özbek kärhanasynyň ozalky ýolbaşçysy Mirodil Jalolow Daşkendiň tussaghanasyndan azatlyga goýberildi. Ol hiç hili sud edilmezden sekiz ýylyny tussaglykda geçiripdi.

Jololowyň aýaly Fotima Jalolowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň adamsy 8-nji ýanwarda Daşkentde geçen sud diňlenişiginden soň azatlyga goýberilipdir.

Sud Jalolowy pul ýuwmakda we galplykda günäli tapyp, oňa 2 müň dollar möçberinde pul jerimesini saldy.

Jalolow 2010-njy ýylda özbek resmileri tarapyndan soraga çagyrylandan soň, tussaglyga alnypdy. Onuň kärhanasynyň şol wagtky prezident Ylsam Kerimowyň gyzy Gülnara Kerimowa tarapyndan ele geçirilendigi aýdylypdy.

Zeromaks ilki başda 1999-njy ýylda ABŞ-da döredilipdi. Onuň esaslandyryjylarynyň biriniň Halkara Boks Assosasiýanyň dawaly başlygy Gafur Rahimowyň bolandygy aýdylýar. ABŞ-nyň Maliýe departamenti Rahimowy “Özbegistanyň öňde baryjy jenaýatçysy” diýip häsiýetlendirip, özüniň gara sanawyna goşupdy. Rahimowyň dünýädäki geroin söwdasyndaky esasy oýunçylaryň biridigi hem bellenilýär.

Zeromaks Özbegistanyň iň iri inwestorlarynyň biri bolupdy. Ol pagta, azyk, tekstil, energiýa we sport ýaly pudaklarda iş alyp barýardy.

XS
SM
MD
LG