Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň weteranyny saklaýandygyny tassyklady


Türme. Illýustrasiýa suraty.
Türme. Illýustrasiýa suraty.

Eýran ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň weteranyny tussaglykda saklaýandygyny tassyklady.

“The New York Times” neşiri 7-nji ýanwarda 46 ýaşly Maýkl Waýtyň (Michael White) Eýrana sapar eden mahaly tussag edilendigini we iýuldan bäri belli edilmedik sebäpler bilen gözenegiň aňyrsynda saklanýandygyny habar beripdi.

9-njy ýanwarda Eýranyň IRNA döwlet habarlar gullugy, Daşary işler ministrligiň beýanatyna salgylanyp, Waýtyň tussag edilendigini tassyklady.

Emma, hadysanyň haçan ýüze çykandygy we Waýtyň näme sebäpden tussag edilendigi barada hiç hili maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG