Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ýaponiýanyň dawaly adalar baradaky belliklerini tankytlady

Russiýanyň Günorta Kurillar, Ýaponiýanyň hem Demirgazyk Territoriýalar diýip atlandyrýan adalarynyň eýeçiligi babatyndaky jedeller Ikinji Jahan urşuny tamamlamak baradaky resmi parahatçylyk ylalaşygyna gol goýulmagyna böwet bolup gelýär.

Russiýa Ýaponiýanyň ilçisini çagyryp, Tokiony premýer-ministr Şinzo Abeniň prezident Wladimir Putin bilen planlaşdyrylan gepleşikleriniň öňüsyrasy dartgynlylyklary möwjetmekde aýyplady.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi 9-njy ýanwarda Ýaponiýanyň ilçisi Toýohisa Kozukini Tokionyň Ýuwaş ummanyndaky dawaly adalaryň Ýaponiýa dolanyp biljekdigi baradaky eden bellikleri boýunça “çagyrandygyny” aýtdy.

Russiýanyň Günorta Kurillar, Ýaponiýanyň hem Demirgazyk Territoriýalar diýip atlandyrýan adalarynyň eýeçiligi babatyndaky jedeller Ikinji Jahan urşuny tamamlamak baradaky resmi parahatçylyk ylalaşygyna gol goýulmagyna böwet bolup gelýär.

Urşuň ahyrynda sowet goşunlary adalary basyp alypdy. Häzir Russiýa bu ýerleri eýelemegini dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG